{"product_id":"bowsulen-tumluk","title":"Böwsülen tümlük","description":"AK WELSAPAR, türkmen ýazyjysy, Şwesiýa Ýazyjylar guramasynyñ agzasy, Ýazyjylaryñ Halkara Pen-klubunyñ hormatly agzasy. Eserlerini türkmen, rus we şwed dillerinde ýazýar.\n\nBöwsülen tümlük romanynyñ baş gahrymany Amansähet rehimsiz aganyñ eline galan ýetim. Ol öz dogumyna, zehinine daýanyp,  ýokary bilim alýar, gysganç hem doñýürek agadan gutulýar, özbaşdaklyk gazanýar. Emma agy-garany saýgardygyça ol has beter jemgyýetçilik garşylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.\n   Gysga ömrüniñ soñky döwrüni Amansähet adamlardan uzakda, çölde geçirýär, ýöne ymgyr çölde-de jemgyýetiñ problemalary ony öz gününe goýanok. Her hal dogry söze, çyn söýgä, çynlakaý duýgulara sarpa goýýan ýaş ýigit öz durmuş ýörelgesine soñky demine çenli wepaly bolup galýar.\n   Bu romany Türkmenistan neşirýaty 1992-nji ýylda çap etmelidi, ýöne TÜMLÜGIÑ goragynda sak duran resmi senzura kitabyñ okyjylara ýetmeginiñ öñüni aldy.","brand":"GUN Förlag","offers":[{"title":"Default Title","offer_id":32431447703652,"sku":"9789197439732","price":20.95,"currency_code":"EUR","in_stock":true}],"url":"https:\/\/suomalainen-test.myshopify.com\/products\/bowsulen-tumluk","provider":"Suomalainen Test","version":"1.0","type":"link"}